20-21-22-nji iýulda Gurban baýramy belleniler

16-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji iýulyndan mukaddes Gurban baýramynyň başlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen döwlet Baştutany degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu mukaddes baýram üç günläp, ýagny 20 — 22-nji iýulda bellenilip geçiler.

Türkmenistanyň Prezidenti bu mübärek baýramy ýokary derejede bellemek üçin ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hemme gulluklarda goşmaça nobatçylygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok