Xi Jinpin: “Her döwlet öz ykbalyny özi çözmeli”

“Hytaý Kommunist partiýasy we Dünýä syýasy partiýalary” atly sammitinde çykyş eden Hytaý Halk respublikasynyň Prezidenti, HKP-nyň Baş sekretary Xi Jinpin: “Ösüş ýolunda her döwlet öz saýlap alan ýoly bilen çözmelidigi, beýleki ýurtlaryň içerki meselelerine goşulyşman hereket etmegi BMG-nyň we umumy adamzat ösüşi üçin iň dogry ýoldyr,” diýip belledi.

Hytaý Kommunist partiýasynyň 100 ýyllygy mynasybetli halkara sammit geçirildi. “Hytaý Kommunist partiýasy we Dünýä syýasy partiýalary” atly sammitde 160-dan gowrak döwletden 550-den artyk syýasy partiýalaryň wekilleri gatnaşdy.

Sammitiň açylyş çykyşyny Hytaý Komunist partiýasynyň başlygy, Hytaý Halk respublikasynyň Prezidenti Xi Jinpin ýerine ýetirdi. Yzýanyndan dünýä liderleri, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, halkara syýasy guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdi. Latin Amerika ýurtlary, Uzak Gündogar Aziýa, arap ýurtlary, Ýewropanyň sosialist, kommunist partiýalary we syýasy guramalarynyň adyndan okalan nutuklar sammite gatnaşanlara ýetirildi.

Sammitdäki çykyşlaryň esasy bölegi Afrika ýurtlarynyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu yklymda Hytaý Halk respublikasynyň ykdysady maýa goýumlary uly orun eýeleýär. Ykdysady ösüşde afrikan döwletleri Hytaýyň tejribesinden giň gerimden peýdalanýar, diýip çykyş edenler belläp geçdi.

Russiýanyň “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň başlygy Dmitriý Medwedew, Gazagystanyň “Nur Otan” partiýasynyň başlygy Nursultan Nazarbaýew hem sammitde çykyş etdiler.

Sammitde öňe çykan temalaryň arasynda KOVID-19 ýaly epidemiki kesellere garşy bile göreşmek, «Bir guşak, bir ýol» proýekti, umumy adamzat ösüşi üçin bütindünýä hereket.

Sammite Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem onlaýn görnüşde gatnaşdy. Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezinde ýygnak otagynda göni ýaýlym ýygnagy gurnaldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başygy Saparmyrat Owganow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy Bäşim Annagurbanow we birnäçe syýasy wekiller bu sammitdäki çykyşlary diňlediler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok