Çagalar tomus möwsümini nädip gyzykly we peýdaly geçirmeli?

Çagalaryň tomusky dynç alyşynyň täsirli geçmegi meselesine gelende, ene-atalaryň iki sany garaýşy bar. Birinji garaýyşa görä, çagalar boldugyndan dynç almaly we şatlykly wagt geçirmeli, ikinji garaýyşa görä bolsa, çagalar üç aýyň dowamynda yzy üzman okamaly we öwrenmeli.

Çagalaryňyz wagtyny hem şatlykly-şowhunly hem-de bilim alyp geçirmekleri üçin biziň şeýle çözgüdimiz bar: goý çagalar hem dynç alsynlar, hem-de okasynlar. Bilşimiz ýaly, iň gowy dynç bu öz meşgullanýan zadyňy goýup, başga birzat bilen meşgullanmak. Biz hem çaglaryň täze gyzyklynmalarynyň peýdaly we özüne çekiji bolmagyny üpjün etmeli.

  • Ylmy sapaklar, çykyşlar we “kwest” oýunlary

Ýaşaýan şäheriňizdäki meýdançalarda, seýilgählerde, medeniýet öýlerinde bolup geçýän medeni we bilim beriji çäreler barada öwreniň. Agzalan ýerlerde köplenç çagalar üçin ýat-da galyjy köpdürli çäreler geçirilçär.

  • Şäheriňizdäki bar bolan medeni-dynç alyş merkezleri

Tomsuna teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde, seýilgählerde we sirklerde köpsanly çykyşlar we şowhunly sahnalar gurnalýar.

Paýtagtymyzyň teatrlary:

Welaýatlardaky teatrlar:

  • Mary welaýatyndaky Kemine adyndaky döwlet drama teatry
  • Lebap welaýatyndaky Seýitnazar Seýdi adyndaky saz-drama teatry
  • Daşoguz welaýatyndaky Nurmuhammet Andalyp adyndaky saz-drama teatry
  • Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry

Kinoteatrlar: Berkarar kinoteatry, “Türkmenistan” kinokonsert merkezi, “Watan” kinoteatry, Mary welaýatynyň “Belent” söwda merkezindäki kinoteatr we ş.m.

Elbetde, günde-günaşa çäreden çärä aýlanyp bolmaz, ýöne tomus paslyny gowy geçirmek üçin gatnaşmak isleýän çäreleriňizň meýilnamasyny düzüp bolar, we çagaňyzyň okuwy hem-de öz işleriňiz bilen gezekleşdirip olara gatnaşyp bolar.ş

Muzeýler Türkmenistanyň döredijilik sungaty muzeýi, Çeperçilik akademiýasynyň muzeýi, “Ak bugday” milli muzeýi, Türkmenistanyň döwlet muzeýi, Türkmen halysynyň milli muzeýi, Türkmenistanyň döwlet medeni merkezi, Türkmenistanyň Bitaraplyk muzeýi, Türkmenistanyň konstitusiýasynyň muzeýi, Daşoguz welaýatynyň taryh-syýahatçylyk muzeýi, Lebap welaýatynyň taryh-syýahatçylyk muzeýi.

Seýilgähler: Türkmeniň ertekiler dünýäsi, “Güneş” seýilgähi, “Bitaraplyk” seýilgähi, “Türkmen-Türk dostlugy” seýilgähi, “Aşgabat” seýilgähi, “Baýram Han” seýilgähi.ş

Daşoguz welaýatyndaky Görogly seýilgähi.

Lebap welaýatyndaky dostluk seýilgähi.

Dynç almak üçin başga ýerler: Asma ýoly, Türkmenistanyň döwlet sirki, Saglyk ýoly, Janly tebigatyň milli muzeýi, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň merkezi botanika bagy.

Çagalar üçin oýun meýdançalary: “Berkarar” söwda merkezi, “Älem” medeni-dynç alyş merkezi, “Aşgabadyň ýalkymy”, “Gül Zemin”, “Bagtyýarlyk”, “Çagalar Dünýäsi”, “Türkmenbaşy adyndaky ertekiler dünýäsi”. Lebap welaýatyndaky “Lebap” söwda dynç-alyş merkezi, Farap şäherinde bolsa “Çagalar Dünýäsi” medeni dynç-alyş merkezi. Mary welaýatynda “Belent”, Daşoguz welaýatynda “Rysgal”.

  • Çagalary sagaldyş lagerleri

Çagalary sagaldyş lagerleri, mekdepleriň, çagalar merkezleriniň we muzeýleriň esasynda döredilýär. Bu lagerlere başgaça tomusky gündelik okuwlar hem diýilýär. Lagerlerdäki çagalar bilen işleşýän hünärmenler, çagalaryň ene-atalary işde mahaly, bütin günüň dowamynda olar bilen okuw sapaklaryny geçýärler. Bu lagerler ähli ýaşly çagalar üçin hem oňaýly bolarlar. Lagerler çagalara gowy wagt geçirmägi, deň-duşlar bilen dostlaşmagy, döredijilik ukyplaryny görkezmägi hem-de özbaşdak ýaşamagy öwrederler.

Biziň ýurdumyzda beýle lagerleriň birnäçesi bar. Olaryň Aşgabat şäherinde ýerleşýänleri “Beýik Serdar nesilleri”, “Gökdere”, “Nebitçi”, “Altyn damja”, “Ýaşlyk” “Şöhle”, “Çynar”, “Demirýolçy”, “Çeşme”, “Altyn ýyldyz”, “Dürdäne” we ş.m

  • Hobbiler we başga gyzyklanmalary

Tomus – bu göwne ýarajak bir iş ýa-da öwrenmäge täze gyzyklynma tapyp, oňa gerek boldugyndan bar wagtyňy berip, höwes bilen öwrenmek üçin gowy wagtdyr. Eger çagaňyz tikin tikmek ýa-da surat çekmek islese, palçykdan şekil ýasamak, ýa bolmasa tans, gimnastika, aýdym-saz bilen meşgullanasy gelse, suwda ýüzüp, futbol oýnap (“Bagtyýarlyk” sport toplumy), kolleksiýa ýygnasy gelse, bilimini artdyryp, daşary ýurt dilini öwrenip mekdebe taýýarlyk görmek, ýogsa-da taslamanyň üstünde işläp robot gurmagy öwrenmek isleýän bolsa, onda tomus bu amallary durmuşa geçirmegiň tüýs wagtydyr.

  • Tagta üstündäki oýunlar

Küşt, “Imajinerum”, “Monoploiýa”, “Erudit” ýaly tagda üstünde oýnalýan oýunlar pikirlernişiňi hem-de aňyň ösüşini kämilleşdirýär we agşamlaryna meşgullanmak üçin iň gyzykly güýmenjedir.

Umuman, üç aý dynç alşyny hiç zat bilen meşgullanman geçireninden, çaga üçin wagtyňy şatlykly hem täsirli ýatlamalardan dolduryp, tomusyň peýdaly geçeni gowydyr. Çünki dynç alyşyň dowamynda hem okamakdan we öwrenmek lezzet alyp bolýandyr.

Kerwenmyrat Myradow

Peýdalanylan çeşme:
https://turkmenportal.com/compositions/1106

Teswirler

Arslan Hemdem

Gaty gowy maslahatlar bar. Kop sagbolun.