Talyp ýaşlar alan bilimlerini tejribede özleşdirýärler

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli we sagdyn, ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar we şol sanda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm orny eýeleýär.

Zähmet bazarynda häzirki zaman ylymyndan baş çykarýan, başarjaň hünärmenleriň taýýarlanmagy zerur bolup durýar. Geljekki hünärmenleriň zähmet ukybyny häzirki zaman talaplaryna gabat getirmek we önümçilik şertlerinde innowasiýalar bilen tanyşdyrmak üçin önümçilik tejribeligini geçmegi örän möhüm bolup durýar.

Häzirki wagtda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutymyzyň talyp ýaşlary okuwda özleşdiren bilimini önümçilikde ornaşdyrmak maksady bilen, önümçilik tejribeliligini geçýärler.     

Talyp ýaşlaryň önümçilik tejribelilikleri yurdumyzyň bank ulgamynda, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýola goýulandyr. Sebäbi, bu önümçilik tejribelilik talyp ýaşlaryň alan ähli bilimlerini we bilim endiklerini berkitmäge ugrukdyrylandyr.

Önümçilik tejribeliliginiň esasy maksady – bu geljekki ýaş hünärmenleriň ele aljak kärini gowy bilmegine mümkinçilik bermegidir. Talyp ýaşlarymyz tejribe we nazaryýet bilimlerini umumylaşdyrmak bilen çäklenmän, geljekki käriniň wezipe borçlaryny hem iş ýerinde tanyşýarlar. Önümçilik tejribeligini geçýän talyp ýaşlar kärhananyň gurluşyny, önümçiligiň guramaçylyk işlerini, bank ulgamynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän işleri bilen tanyşýarlar.

Şeýle hem, tejribede ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilşi, döwlet eýeçilindäki hem-de döwlete dahylsyz bölekdäki guramalara, önümçilik pudaklaryna we ilata häzirki zaman bank hyzmatlarynyň berilşini öwrenýärler.  

Önümçilikde esasy maksatlaryň biri hem, okuwy tamamlap özbaşdak zähmet çekmäge bolan ukybyny kesgitlemekdir. Önümçilik tejribeliliginiň geçilýän döwründe berlen ýumuş boýunça durli işleri ýerine ýetirmek bilen, edaranyň berkidilen hünärmenleriniň toplan iş tejribesinden peýdalanýarlar. Bu bolsa talyp ýaşlara hünäri boýunça tejribe almaga, nazaryýetde öwrenen bilimlerini tejribede ulanmaga hem-de gelejekde ussat hünärmen hökmünde kemala gelmäge mümkinçilik berýär.      

Ajaýyp zamanamyzyň giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza, hormatly Arkadag Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlarymyz bar.

Şeýle türkmen ýaşlaryna ylym-bilim almaklary, ahlak we ruhy taýdan sazlaşykly ösüp, döwletimize gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähimýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Şemşat Kiçigulowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok