Medeniýet hepdeliginiň medeni çäreleri

      “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda medeniýet hepdeligi giňden bellenilip geçiler.

     Belent maksatlary bilen öňe barýan ýurdumyz, mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Türkmenistan Döwletimiziň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 30 ýyllyk şanly baýramyna giňden taýýarlyk görülýän döwründe medenýet hepdeliginiň giňden baýram edilip bellenilmeginiň aýratyn uly manysy bardyr.

        Medenýet hepdeliginde ýurdumyzyň medenýet işgärleri tarapyndan dürli-dürli medeni çäreler gurnalyp, onda eziz Watanymyzyň geçmiş taryhyny, Arkadagly eşretli zamanamyzyň şu günini we gelejegi nazarlaýan ugurlar boýunça sahna eserleri, goşgulary, aýdym-sazlary we taryhy ýerlere gezelençleri guranamak bilen ajaýyp wasplary edýärler.    

      Ýurdumyzda giňden bellenilip geçiýän Medenýet günlerinde Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şygyrýet älemine uly sarpanyň goýulmagy bilen, bu günlerde Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günleri hem giňden bellenilip geçilýär.

       Magtymguly Pyragy turkmen halkynyň guwanjydyr, buýsanjydyr. Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyň ylahy we dünýewi garaýyşlaryny maksada okgunly ugra gönükdirmegi bilen, milli we dünýä edebiýatlarynda baý edebi mirasy galdyrdy. Akyldaryň egsilmez hazynasy özünden soňky nesilleri halka, ýurda wepalylyk ruhynda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklara eýedir. Ynsan kalbynyň aýdymyna öwrülen şygyrlary çeperçilik taýdan ýokary nusgalyk bolup türkmeniň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň döredijiliginde özüniň beýanyny tapdy. Goşgularynyň ýokary çeperçiligi mazmuny adamyň içki duýgularyna ýiti täsiri türkmeniň nusgawy edebiýatynyň düýbüniň tutulmagynyň başlangyçlarynyň esasy boldy. Şahyryň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolşy ýaly,  olar halk köpçüligine ýakyn durmak bilen köpçüligiň pikir-hyýalyny arzuw – islegini içgin suratlandyrýar.

       Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň we  gelejegiň şahyrydyr.

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ruhy medeniýetimiziň howandary milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny dünýä ýaýmak işleri giňden ýola goýuldy we ýurdumyzyň alymlary, medenýet işgärleri tarapyndan bu işler yzygiderli wasp edilýär.  

Orazbike Nazarowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň
uly mugallymy

Teswirler

Wepa

Oran gowy eken.