Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýik ösüşlere, Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýän taryhy wakalara beslenýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy orun önümçiligiň tehniki we tehnologiki binýadyny yzygiderli täzelemegi, bäsdeşlige ukyply täze önümleri döretmegi we öndürmegi, dünýäniň harytlar we hyzmatlar bazarlaryna netijeli girmegi talap edýän innowasiýalara, innowasiýa işlerine degişlidir. Bu jemgyýetçilik durmuşynyň ähli gurşawyny, ozaly bilen ykdysadyýeti özgertmegi talap edýär. Maglumat tehnologiýalary, kompýuterleşdirilen ulgamlar we ýokary önümçilik tehnologiýalary innowasiýa ykdysadyýetiniň esasy ulgamy bolup durýar. Olar özüniň ösüşinde aň işini düýpli tehnologiýalaşdyrýar.
Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýan döwri innowasiýalary ornaşdyrmak we olary uzak geljekde hem ýörelge edinmek, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady özgertmeleriniň esasy bolup durýar. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna esaslanýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ýokary netijeler gazanyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Bu syýasatyň esasy maksady ösen innowasiýa ulgamyny döretmekden we innowasiýa işini has-da kämilleşdirmekden ybaratdyr. Hususanda, Hormatly Prezidentimiz islendik önümçilik kuwwatlylyklarynyň gurluşyna ýa-da işe girizilmegine badalga berende, hökmany suratda, iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Başgaça aýdylanda, innowasion tehnologiýalary, giň gerimli innowasiýa syýasaty Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar.
Döwletiň innowasiýa syýasaty düýpli ylmy-amaly seljermeleri, YBTKI (ylmy-barlag we tejribe-konstruktorlyk işlerini) ýa-da beýleki ylmy-tehniki işleri amala aşyrmak bilen, täze ýa-da düýpli kämilleşdirilen önümi we tehnologiýany döretmek hem-de ykdysady dolanyşykda durmuşa geçirmek işlerini höweslendirmekden, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüş ýoluna düşmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz bilimi-ylmy ösdürmek we ony ösen döwletleriň derejesine ýetirmek maksady bilen anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi ýurdumyzyň ylym ulgamynyň geljegine aýratyn üns berilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda innowasion ösüşe döwlet tarapyndan berilýän goldawyň esasy ugurlaryinnowasiya işiniň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, innowasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin öňdebaryjy enjamlary satyn almak işini goldamakdan we höweslendirmekden ybaratdyr. Şeýle hem ýurdumyzda döwlet tarapyndan innowasiýa işini ösdürmek üçin ýeňillikler döredilýär, innowasion iş ulgamynda telekeçiler bilen hyzmatdaşlyk höweslendirilýär, býujetiň serişdeleriniň hasabyna innowasiýa işini amala aşyrmak üçin satyn alynan emlägi, aň-bilim eýeçiliginiň serişdelerini peýdalanmaga hukuk berilýär, daşary ýurtlardan ýokary derejeli hünärmenleriň çagyrylmagyna, şeýle hem ylmy işgärleriň daşary ýurtlarda okamaklaryna we tejribe alyşmaklaryna ýardam berilýär.
Türkmenistanda innowasiýa işiniň ýerlikli gurnalmagynyň we ösdürilmeginiň netijesinde halkyň ýaşaýyş derejesini has hem gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Adamlar durmuşda hemişe ütgeşmelere, özgerişliklere we täzeliklere umytlydyklaryny göz öňünde tutsak, innowasiýa, bu olaryň durmuşdan goşmaça mümkinçiliklere eýe bolmaklaryna, öz wagtlaryny tygşytly ulanmaklaryna ýardam eder. Umuman, innowasiýalar Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge, ykdysady ösüşiniň çaltlaşmagyna, dünýä hojalygynda tutýan ornuny artdyrmaga ýardam eder.
Mamyşew Arslan
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti”
kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby
Teswirler