Her bir ynsan üçin dünýäde erkinlikden uly hem gymmat zat ýokdur. Çünki erkinlik hiç kimden hiç zada garaşmazlyk hem garaşly bolmazlykdyr. Diňe erkin adam nurly Günüň astynda islän zadyny gazanyp bilýändir. Erkinlik seniň ykbal hem kalbyň gapysynyň açyk bolmagydyr. Erkinlik — kalbyň rahatlygy. Erkinlik — kapasa salynmadyk ýönekeý, erkana durmuşyň süýjüligini duýup ýaşamak. Erkinlik — ýüpek saçlaryňy säher şemalynyň ýelpemegi. Ýene-de «Erkinligi nämä deňärsiň?» diýseler, açyk meýdanda ilkinji bolup gyşyň ak garyny ýuwaşja basyp, asuda gezim etmäge deňärdim. Baharda parç bolup açylan gülleriň bark urýan ysyndan ganyp, läle-reýhan güllere çümüp oturmagyňy erkinlige deňemän, nämä deňärsiň?! Onsoň erkinlige bu barlykda durmuşyň manysy diýmän, näme diýersiň?!
Erkinligiň gymmatyny diňe bir onuň zaryny çekenler däl, bagtyýar dem alýan ynsanlar has-da gowy bilýär. Jebran Halylyň aýdyşy ýaly, «Erkinligiň ýok bolsa, bedeniňde ruhuň ýok ýaly bolýarsyň». Erkinlik barada köp pikirler aýdylýar. Bu babatda Nelson Mandela: «Erkin bolmak biriniň ýaşaýyş tanapyny üzmek, zeper ýetirmek däl-de, başgalaryň erkinligini hormatlamak we berkitmekdir» diýýär. Hawa, ynsan erkinliginiň gymmatyna gaty berk düşünmeli.
Parasatly ata-babalarymyz bagtlylygyň syrynyň erkinlikdedigine diýseň gowy düşünipdirler. Garaşsyzlygymyzy gazanmakda aýgytly ýollary geçip, bütin taryhyň dowamynda Watanyny baýdak edinip gorap gelen halkymyz hemme zadyň manysynyň erkin durmuşdadygyny anyk subut etdi. Aslynda-da, halklar hemişe asuda durmuş, erkana ýaşaýyş ugrunda göreşdiler. Mukaddes Watany ähli zatdan belentde goýdular.
Watanyň özygtyýarly bolmagy şol ýurduň baglarynyň baharda owadan pyntyk ýarmagydyr. Watan Garaşsyzlygynyň rowaçlygy bu şol toprakda biten miweleriň bazarlarda tekjeleri dolduryp, bulduraşyp durmagydyr. Mele-myssyk çöregimiziň saçaklarymyzdan behişdi ysynyň äleme burk urmagy, giň meýdanda ak pagtamyzyň patrak bolup açylmagydyr. Ýene ýurt Garaşsyzlygynyň suratyny çekmeli bolsa, mukaddes ojakda uz gelniň hüwdä hiňlenip, sallançagyň bagyny çekip oturyşyny, bagtyýar çagajyklaryň mawy asmana batbörek uçuryşyny ýa-da ýagty otaglarda bilim dünýäsine berlen ýaş nesilleriň nurana keşbini çekerdim. Ine, şeýle bagta bizi Gahryman Arkadagymyz eýe edýär.
Kakabaý KAKABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler