«Berkarar döwlet islärin» diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwründe eden arzuwlary bu günki gün hakykata öwrüldi. Ýurt binamyzyň binýady gaýym guruldy.
Magtymguly atamyzyň bugdaý ýaly sünnäli setirleri deňsiz-taýsyz hazynadyr, edebi mirasdyr. Şahyr özüniň gyzyldan gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny, ähli asylly sypatlaryny şahyrana keşpler arkaly ussatlyk bilen suratlandyrýar. Beýik söz ussadynyň ajaýyp hikmetleri — parasatly sözleri diňe türkmene däl, adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýol görkeziji şamçyragy bolup durýar.
Käbir möhüm wakalary ýatlalyň. Halkara türk medeniýeti guramasy bolan TÜRKSOÝ 2014-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etdi. Şol ýylyň 5-nji fewralynda Türkiýäniň Ankara şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýylynyň açylyş dabarasy bolup, oňa gatnaşyjylar şahyryň «Türkmenistan» seýilgähindäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Şol ýylyň aprel aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Gündogary öwreniş institutynda şahyryň golýazmalarynyň sergisi guraldy.
Indi her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap welaýatlarymyzda Medeniýet hepdeligini geçirmek hem asylly, döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Ençeme ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bu hepdeligiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmakda, şeýle-de zähmetsöýer, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Medeniýet hepdeligi uly ösüşlere beslenýän şu ýylymyzda Lebap welaýatynda geçiriler.
Bu gün halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadan durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşaýandygyna buýsanýar.
Şirin YLÝASOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler