“Medeniýetli” ýeňijiler sylaglandy

Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplaryň we mugallymlaryň sowgatlandyryş dabarasy geçirildi. Ol dabara institutymyzyň Rektory A.D.Aýdogdyýew gatnaşyp, “Aşgabadyň bahary” atly kinofestiwalynda özleriniň işleri bilen gatnaşyp, baýraklara mynasyp bolan institutymyzyň mugallymlaryna we talyplaryna öz eli bilen sowgatlary gowşurdy. Baýraga mynasyp bolan işleriň içinde keşp döredenler, ssenariýa ýazanlar, operatorçylyk işini edenleriň barlygyny aýratyn bellemelidir. Dabaranyň soňunda Rektor A.D.Aýdogdyýew ýeňijilere mundan beýläk hem üstünlikleri arzuwlady we dabara gyzgyn elçarpyşmalaryň astynda jemlendi.

Daýanç BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň “Yşyk bilen bezemek”
hünariniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok