Döwlet muzeýinde Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy

7-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ylym – adamzadyň baýlygydyr» ady bilen Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Sergide XX asyrda arheologiýa, paleontologiýa, etnografiýa, geologiýa, biologiýa ylymlarynda ylmy ekspedisiýalar we barlaglar barada gürrüň berýän özboluşly dokumental suratlar ýerleşdirilipdir. Bulardan başga-da, sergide goýulan gadymy döwüre degişli keramika önümleri türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleri, medeniýeti we durmuşy barada gürrüň berýär.

Sergide diňe bir arheologiki tapyndylar görkezilmän eýsem bu ýerde  türkmen nakgaşlarynyň we fotosuratçylarynyň zehininden dörän Türkmenistanyň tebigatynyň gözel ýerleriniň şekilleri ünsüňi özüne çekýär. Sergi indiki hepdäniň ahyryna çenli dowam eder.

Mähri ANNAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok