Üstünligiň syry — buýsanmak we ynanmak

Howasy ömrüňe ýaz goşup duran eziz Diýarymyzyň goýnunda, Hormatly Prezidentimizden görelde alyp eziz Watanymyz üçin, nesillerimiziň geljegi üçin özleriniň döredijilikli işlerini gaýgyrman zähmet çekýän ähli pudagyň işgärleri bu günki gün mertebelenip sylaglanýar. Ynha, ýaňy ýakynda hem «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň gowşurlyş dabarasy geçirildi. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Gaýypnazarowa Bahar Jumaýewna bilen bilelikde geçiren söhbetdeşligimizde edilen gürrüňlerden size ýetirmegi müwessa bildik.

— Bahar mugallym, ilki bilen-ä sizi «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Şeýle şa serpaýlaryňyzyň höwri köp bolsun. Size şeýleräk bir sowal bermek bilen söhbetdeşligimize başlasym gelýär. Mugallym, siz üçin üstünlige ýetmegiň syry nämede?

— Sag boluň. Gül açýan mesgenimizde Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maňa şeýle şa serpaýyny almak bagty miýesser etdi. Men diýseň bagtly. Şu ajaýyp döwürde biz bilim işgärleri üçin zähmet çekmäge giň mümkinçilikler döredilip berilen. Ýurdumyzyň iň bir baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň ähli professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary şeýle zamanada ýaşaýandyklaryna buýsanýarlar. Men muny nämede görýän, ýokary okuw mekdebimiziň çäginde geçirilýän maslahatlarda, çärelerde görýän. Haçan şu baýramçyklar ýetip gelse mugallymlarymyzam, talyplarymyzam: «Ine şu çäräni şeýleräk geçirsek gowy bolar» diýip uniwersitetimiziň ilkinji Zenanlar guramasyna teklip edip gelýärler. Aýdyşlary ýalam teklip edýän çärelerini ýokary derejede geçirýäs. Ine, bu-da eýýäm şu zamana bolan mugallymyň, talybyň buýsanjyndan alamat. Meniň üçinem üstünlige ýetmegiň syry şundamyka diýýän. Sebäbi her bir zada guwanyp, zähmet çekip ýaşamak üstünlige ýetirýän ýola alyp barýar. Jelaleddin Rumy: «Pikiriň sözüňde, sözüň hereketiňde, hereketiň-de ykbalyňda şöhlelenýär» diýip belläp geçipdir. Bu her bir adamyň gaýtalamaly zady.

— Diýmek, üstünligiň syry buýsanmak bolýarda. Diýseň ýerlikli jogap. Indi mugallym üstünlige ýetmek üçin her bir adam kämilleşmeli bolýar. Şol kämillik ýolunda siz nämeleri başyňyzdan geçirdiňiz?

 — Dogry, üstünlige ýeten her ynsanyň öz kämillik ýolunyň taryhy bardyr. Mende-de şolar ýaly ýagdaýlar boldy. Hat-da häli-häzirlerem dowam edip dur. Sebäbi biziň şu günki ýeten üstünligimiz ertirki gün bizi täze-täze üstünlige ýetmäge çagyrýar. Biz talypkak bir bäsleşik geçirilse gatnaşardyk. Eger ýeňiji bolmasakda ruhdan düşemizokdyk. «Bu gezek bolmasa indiki gezek. Bar zat nesibe» diýip goýardyk. Swen Erikson: «Üstünligiň öňüni baglaýan iň uly zat, şowsuzlyga uçraryn öýdülýän gorkudyr» . Eriksonyň aýdyşy ýalam bolýardyk. Ýöne ýeňiji bolan wagtymyzam boldy. Şonda biz ýeňiji bolmadyk talyp joralarymyza göwünlik berip alan sowgadymyzy olara beren wagtymyzam bolupdy. Ine ykbalam şol edenlerimiz üçin bize öz jomartlygyny görkezdi. Şükür, şol kämillik ýolumyzda amal edenlerimiz biziň üçin miweli daragyta öwrüldi oturyberdi. Indi men her işiň ujundan tutanymda oňa örän berk çemeleşýän. Sebäbi üstülik bu özüňe bolan ynamyňamdyr!

— Tüweleme, şeýle ýörelgeleri okadýan talyplaryňyzada öwredýän ekeniňiz. Okadýan talyplaryňyzdan sorap gördüm welin «Bahar mugallym geçýän çeper ederlerimiziň ählisiniň hem terbiýeçilik ähmiýetini içgin düşündirmegi halaýar» diýip aýtdylar. Bu dogrudan-da şeýlemi?

— Hawa. Rast aýdypdyrlar. Men talypary «Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy» dersinden okadamsoň daşary ýurt ýazyjydyr şahyrlarynyň köp çeper eserlerini öwrenýäs. Talyplara has-da gyzykly we ýatda galyjy bolar ýaly şol geçýän romanlarymyzy, powestlerimizi, hekaýalarymyzy sahnalaşdyrmagy hem tabşyrýan. Ana şonda talyplar şol görkezýän eserleriniň diňe terbiýeçilik ähmiýetini açyp görkezmäge ymtylýarlar. Sebäp diýseň meň özümem täze temany gürrüň berenimde şol eseriň terbiýeçilik ähmiýetine üns berýän. Talyp ýaşlaryň ýaşlykdan durmuşyň kanunlary bilen düýpli tanyşmaklary üçin, hekaýalarda bolýan ýalňyşlyklary gaýtalamazlyklary üçin, ondaky ýagdaýlary özlerine sapak edinmekleri üçin bu usul diýseň wajyp bolup durýar.

— Köp sag boluň, mugallym. Bizem size şeýle mukaddes käriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Şa serpaýyňyzam ýene bir gezek gutly bolsun. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda üstünlikleriňiziň höwri köp, janyňyz sag, işleriňizem rowaç bolsun!

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok