Dünýäde şeýle nygmatlar bar bolup, olaryň gadyr-gymmaty, ähmiýeti asyrlar we hatda bakylyk bilen ölçelýär. Ýyllar, zamanlar geçse-de, olar adam, döwlet, halk we jemgyýet üçin iň möhüm zerurlyk, ýokary nygmat bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk – ynha, şeýle beýik gymmatlykdyr. Bu sözi aýdanda, biz hem taryhymyzy, hem bu günki günümizi, hem geljekki durmuşymyzy göz öňümize getirýäris.
Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy gözüniň göreji deý aýap saklaýar. Ýaşyl ýazlaryndan ýalkym alan ýaşyl Baýdagyny ynamly gollarda mäkäm saklap, öňe sary batly gadam urýar. Türkmeniň kalby deý owadan ýaşyl Baýdagymyz başymyzyň täjine, gözlerimiziň röwşenine deňelip, ruhumyza ruh goşýar. Onda erkinlik, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, jebislik ýaly milli aýratynlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Onda döwlet berkararlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, asudalygymyz, erkinligimiz ýaly milli alamatlar jemlenendir. Bagtyýarlygymyzyň, berkararlygymyzyň nyşany bolan ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdaýşy mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz hakyndaky buýsançly aýdymyň ýakymly sazy bolup dünýä ýaň salýar. Bu saz döwletlilik, berkararlyk baradaky arzuwlarymyzyň wysal bolmagynyň, maksatlarymyzyň myrat tapmagynyň şanyna ýaňlanýan türkmen kalbynyň owazydyr.
Eziz Watanymyz halkymyzyň milli buýsanjy, türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň synmaz esasy bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlamaga barýar. Ykbalyň ynsana eçilýän her bir bagtly pursatlary ýaly Garaşsyzlygyň miweleri-de ösýär, özgerýär.
Çemen BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
uly mugallymy.
Teswirler