Adam sungatyň islendik görnüşi bilen meşgullananda onuň jümmüşine aralaşýar, onuň bir bölegine öwrülip, ruhuny baýlaşdyrýar. Bu, ylaýta-da, teatr sungatyna ykbalyny baglan ynsanlara mahsusdyr. Teatr we kino sungaty hakynda söz açylsa, ilki bilen sahnada ýatdan çykmajak keşpleri ýerine ýetiren ussatlar göz öňümizde janlanýar diýsek hakykatdan daş düşdigimiz bolmasa gerek. Şeýle ussat artistleriň biri hem milli teatr we kino sungatynda muşdaklaryň söýgüsine mynasyp bolan Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubowdyr. Onuň ömür ýoly hakynda söhbet açmak hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Ol 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda eneden bolýar. Onuň sungata bolan höwesi heniz çagalyk ýyllarynda oýanýar. Onuň kiçilikden sungata bolan söýgüsi ýiti zehini, teatra imrinip baş goşmagy, irginsiz döredijilik gözleglerinde bolmagy meşhur artist, ökde režissýor bolup tanalmagyna öz täsirini ýetiripdir.
Sahna sungatynyň meşhur artisti 1964-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatr sungaty institutynyň teatr režissýory hünärini tamamlaýar. Ol talyplyk ýyllary institutda hem sahnalaşdyrylan sahna oýunlarynda dürli keşpleri döredýär we ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýär. Ol Marynyň Kemine adyndaky Türkmen Döwlet drama teatrynyň baş režissýory bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol Kemine adyndaky Döwlet Drama teatrynda özüniň ilkinji döredijilik işi hökmünde «Agalar we çagalar» atly oýnuny sahnalaşdyrýar.

Meşhur sahna ussadyna deň-duşlary Bally diýip ýüzlenipdirler. Ol bu hoşamaý tahallusyna hemişe muwapyk bolsa-da, türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romany esasynda çeper filmi mawy ekrana çykansoň, adyny has-da berkarar etdi. Şol filmde baş gahrymanlaryň biriniň keşbini – Halnazar baýyň dyzmaç ogly Ballynyň keşbini ýerine ýetirdi. Ol kinodan söz açylsa, hemmeleriň göz öňünde Ballynyň keşbi janlansa gerek. Bu çeper film artiste uly üstünlik getirip, geljekki maksatlaryny nazarlamagyna uly itergi berýär. Şeýle hem halypa bu filmden başga-da «Tüssesiz ot bolmaz», «Zäherlenen söýgi», «Gara kerwen» ýaly çeper filmlerde dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirýär.

Ol N. Geldiýewiň «Seýdi», W.Wişnewskiniň «Röwşen nala», E.de.Filipanyň «Täze ýyl gijesi» ýaly tele-oýunlarynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini hem döredýär. Umuman aýdanymyzda, ussat halypanyň döreden we ýerine ýetiren keşpleri irginsiz zähmeti, kärine bolan söýgüsi netijesinde olaryň ählisi şowly çykýar. Abdylla Ýakubow teatryň sahnasynda 70-den gowurak spektakllary sahnalaşdyrdy, bularyň ählisinde tomaşaçylarda söýgi döretmegi başardy.
Biri-birinden gyzykly tele-spektakllaryň hem birnäçesini taýýarlap tomaşaçylara hödürledi. Bulardan başga-da, teatr sungatyna ykbalyny baglap, şowly filmleriň çykmagyna goşandyny goşýan birnäçe şägirtleri hem taýýarlady. Sahna sungatynyň halypasy Abdylla Ýakubowa teatr we kino sungatynda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.
Humaý MÄTJANOWA
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
Teswirler