Şähere görk goşýan sazlaşyk

     «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýan paýtagtymyzyň ajaýyp binalary, seýilgählerimizi, köçelerimizi bezeýän heýkeller halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhy, şol taryhyň dowamynda dünýä beren milli-medeni gymmatlyklary, merdana ärleri, akyldarlary barada söhbet açýar. Dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlar bolsa, şol söhbetlerden kalbyny gandyrýarlar hem ol gürrüňleri zemine ýaýýarlar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan köpugurly we sazlaşykly syýasatynyň ajaýyp miweleridir.

Aşgabat — asuda, abadan ýaşamak üçin iň amatly we iň howpsuz şäher.

Aşgabat — gözelligiň, döwrebap binagärligiň nusgasy.

Aşgabat — sebitde we dünýäde ykbal özgerdiji çözgütleriň kabul edilýän ylalaşdyryjy merkezi.

Aşgabat — ylmyň we bilimiň, medeniýetiň ojagy.

Aşgabat — ekologiýa taýdan arassa şäher.

Aşgabat — döredijileriň, gurujylaryň, gujurlylaryň şäheri.

Aşgabat — söýginiň şäheri.

Şeýle hakykatlary isledigiňçe uzaldybermeli.

     Ägirt Aziýanyň göwher gaşyna deňelen bu şäherde ömürleriň sowulmajak ýazy bar. Bu şäheriň goýnunda geçýän her bir gün ähli ynsany bagtyýarlyga duş eýleýär. Bagtyň keşbi siňen ajaýyp günler bolsa, ýüreklerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Şeýle ýatlamalar biziň her birimiziň köňül güzerimizde ýagşylyk bolup ornaýan her bir günümiziň taryhy ähmiýetini artdyrýar. Çünki heňňamlaryň döwletlilik dür-genjini tug edinip göterýän 140 ýaşly bu şäher — Arkadagyň ak şäheri.

Ogulbagt NURBERDIÝEWA,

D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok