Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gülüstan welaýatynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ahmet Golçin beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna medeni we magaryf çäreleriniň guraljakdygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň “Shabestan News Agency” agentligi habar berýär.
Geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler akyldar şahyrlar Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň jaýlanan ýeri bolan Aktokaýda geçiriler.
Bu medeni çäräniň çäklerinde akyldar şahyryň goşgulary okalar, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sahna oýunlary görkeziler şeýle-de artistler birnäçe çykyşlary ýerine ýetirer. Mundan başga-da bu ýerde şahyryň hormatyna bagyşlanan sergi guralar.
Annanur HAJYMYRADOW,
D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler