AT TÜRKMENIŇ GANATY

Türkmen behişdi bedewleri. Bu jümleler damarynda türkmen gany aýlanýan her bir ynsany buýsandyrýar, belent başyny arşa göterýär. Türkmeniň ahalteke atlary diýlende oňa dünýä ýüzi aşyk. Aslynda, Türkmenistan döwletiniň Baştutany- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýürek töründen behişdi bedewlerimize giňden orun beren Beýik Ynsandyr. Beýik Ynsanyň her bir tutumly işleri bedew badyna deňelýär. Bu hem uly döwletlilikden nyşan. Çünki behişdi bedewlerde özboluşly keramat bar. Ahalteke atlarynyň dünýä ýüzündäki hormatyny, at-abraýyny näçe taryp etseň-de az. Ata-babalarymyz atlarymyzy wasp edip birnäçe nakyllary aýdyp geçipdirler. “ Irden turup ataňy gör, ataňdan soň – atyňy” ,“At türkmeniň ganaty”, “Ýorga at ýola ýagşy, ýüwrük at- meýdana”,”Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol gazan”.

Türkmenler öz bedew atlaryny timarlap, kämilleşdirip, ony maşgalasynyň deňhukukly agzasy, söweşiji gardaşy hasaplap, şol bedew atda durmuş-taýpa dagynyklygyny birleşdiriji halkany görüpdirler. Olar ata tutuş durky bilen uýup, onda bir bitewi durmuşy hasyl etmegiň serişdesini görüp, gaýduwsyzlyk, mertlik we watançylyk ýaly durnukly häsiýetleri özlerinde-de meşhur “behişdi bedew” hasaplanýan bedew atda-da kemala getiripdirler.

Türkmen zenanynyň ilkinji dokan halysyna hem, megerem, at sebäp bolandyr. Sebäbi atyň üstüne ýapylýan ýüň ýapynja gorag endamynyň gury we owadan bolmagy üçin hem zerur bolupdyr. Dünýäde hiç bir zenan hem henize – bu güne çenli türkmen zenanlary ýaly halynyň üstünde şeýle gelşikli we zynatly oturyp – turup bilýän däldir.

Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň nyşanydyr. Ine, hut şonuň üçin hem ynsanyň we atyň söýgüsiniň hem-de dostlugyň taryhy örän gyzyklydyr.

Türkmeniň milli mirasynyň, ahal-teke atlarynyň şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä has giň ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak asylly işleri alyp barýan, türkmen bedewiniň şan-şöhratyny arşa galdyran hormatly Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Kurbanowa AÝLAR,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok