Çalsana bagşydan” başlanan ömür
(kompozitor Baýramdurdy Hudaynazarowyň 75 ýaş ýubleýine)
Türkmenistanyň halk artisti, dosent, kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarow bu ýyl halypa 75 ýaşaýar. Bütin ömrüni sungata bagyşlan halypa kompozitoryň elinde bilim almak, hünär öwrenmek biz talyp ýaşlar üçin uly bagt. Dil ýürekdäkini sözlär diýlişi ýaly, döredijilik adamlaryň döredýän eserleri, belli bir derejede olaryň ruhy dünýasiniň, adamkärçilik sypatlarynyň aýnasy bolup durýar. Baýram aga çaga ýaly päk göwünli, öz işine ussat adam. Ol jemgyýetçilik işlerinde-de, döredijilikde-de, talyplara bilim bermekde-de, mahlasy islendik işe düýpli çemeleşýär. Baýram aganyň “Islendik ylym bolanda-da, esasy zat öwrenýan zadyňyzyň gözbaşyny tapjak boluň! Sebäbi döredijilik, hemme ylymlar bilen berk baglanyşyklydyr” diýip, öwran-öwran belleýär. Baýramdurdy Hudaýnazarow köptaraply döredijilik adamsy. Bütin döredijilik we jemgyýetçilik ýolunyň dowamynda zehinlilere kömek bermek onuň esasy maksady bolup durýar. Häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň dosenti wezipesinde işleýän Baýramdurdy Hudaýnazarow eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda konserwatoriýada ýokary derejeli sazandalary, kompozitorlary taýýarlamak we terbiýeläp ýetişdirmek bilen meşgul bolup gelýar. Baýramdurdy Hudaýnazarow döredijilikde özbaşdak ýol ýasamagy başaran kompozitordyr. Ol bize: “Köp eserleri diňläň, görüň, okaň we hiç kimiňkä meňzemeýän özbaşdak ýoluňyzy tapyň!” diýip, her sapakda berk sargaýar.

Kompozitor Baýram Hudaýnazarowyň dürli ýyllarda döreden sazlarynda onuň öz häsiýetine mahsus üýtgesik mylaýymlyk, ynsanperwerlik, inçeden yzarlaýan näzik duýgulary duýmak bolýar. Ol eserlerinde 20-nji asyryň kompozitorçylyk usullarynyň gazananlary bilen saz sungatymyzyň milli däpleriniň çeper şahyrana utgaşygyny tapmagy başaran kompozitordyr. Millilik Baýram Hudaýnazarowyň döredijiliginiň esasy gözelligi we gönezligidir. Sebäbi Baýram aga ýaşlykda halypa bagşy-sazandalary ürç edip diňläpdir we halk aýdym sazlaryny nota ýazgysyna geçirmegi bolsa döredijilik işiniň bir bölegi hasaplapdyr. Şonuň üçin hem halk aýdym-sazlaryna eýermek kompozitoryň döredijilik aýratynlygyny kesgitleýän iň esasy hem mukaddes ýörelge bolup gelýär. Onuň millilige ýugrulan kirişli saz gurallar orkestri üçin ýazylan “Ýylgaýlar” sazynda, iki bölümden ybarat “Simfonýasynda”, goboý we simfoniki orkestr üçin “Konsertino gazallarynda”, ýedi bölümden ybarat uly simfoniki orkestr üçin “Sýuitasynda”, “Durdy bagşy” halk sazynyň temasyna fortepiano üçin ýazylan “Tokkatosynda” we beýleki aýdymdyr sazlarynda Türkmenistanyň çäginden daşynda diňlan diňleýjilere düşnükli bolar ýaly başga ýewropa sazyna kybapdaş galyba salmak, fortepiano sazynda dutaryň labzyny tapmak we ýerine ýetiriji üçin hem gyzykly faktura gözlemek we tehniki mümkinçiligini ösdürmek ýaly meseläniň çözgüdini tapypdyr. Halypanyň simfoniki orkestr üçin “Ýaşyl ýodalar”, “Selbinyýaz gyrk” halk sazynyň temasyna teswirleme we “Türkmennama” ýaly eserleri milli öwüşgünde ýaňlanýar. Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik galamy Garaşsyzlyk ýyllarynda hasam ýiteldi. “Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe her bir döredijilik bilen meşgullanýan adam bu taryhy wakany wasp edýär” diýýän halypanyň özi hem Garaşsyzlygymyzyň waspçysyna öwrüldi. Kompozitor Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde bolup geçýän özgerişlerden, ruhy galkynyşlardan, dikeldilen milli däplerimizden, döwletimiziň bagtyýarlygyndan, toýdur-baýramlarymyzdan ylham alyp, täze eserleri halka peşgeş berýär.

Ol dürli ýyllarda döreden eserleri bilen birlikde Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, döwlet derejesinde geçirilýän dabaralary saz bilen bezemekde dürli derejeli çäreleri ýokary derejede gurnamakda işjeň jemgyýetçilik işgäri hökmünde öňe saýlandy. Garaşsyzlyk döwründe halypa 50-den gowrak aýdym döredýär. Bu labyzly aýdymlar Türkmenistanyň halk artistleriniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleriniň hem-de “Ýaňlan, Diýarym!” we beýleki aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň, zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde meşhurlyga eýe bolýar. Bulardan başga-da, 2018-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary okuw mekdepleri üçin “Saz gurallary öwreniş” atly okuw kitaby çapdan çykdy. Bu kitap halypanyň döredijilikde toplan baý tejribesi, saz gurallary, olaryň döreýiş taryhy we olar üçin döredilýän saz eserleri baradaky oýlanmalarynyň kagyz ýüzüne geçirilen beýanydyr. Bu kitap biz talyp ýaşlara saz gurallarynyň gelip çykyşyny, taryhyny öwrenmekde we inçe syrlaryny bilmekde bahasyna ýetip bolmajak uly gollanmadyr. Häzirki wagtda halypa ýene-de bir ylmy kitabyň, ýagny “Türkmen sazynyň esaslary” atly kitabynyň üstünde işleýär. Baýram aga hormatly dynç alyşdadygyna garamazdan, biz talyp ýaşlara kompozitorçylyk tehnikasynyň inçe tilsimlerini öwredýär.
Men hem pursatdan peýdalanyp, halypa kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň 75 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halypa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, mundan beýläk-de döredijilik üstünlikleriniň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýarin.
Baýrammyrat TAGANDURDYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Kompozisiýa” hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler