Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana boljak resmi iş saparyny taýýarlamak meselesi, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň öňüsyrasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň mejlisi Aşgabatda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly iň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşlikde Kasym-Žomart Tokaýewi , ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we möhüm şertnamalara gol çekmek üçin Türkmenistana çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saýty habar berdi.
Bu söhbetdeşlikde, özara söwdanyň göwrümini artdyrmak, senagat, oba hojalygy, energetika, ulag we logistika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin Gazagystanyň we Türkmenistanyň tagallalaryny birleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýlede taraplar şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere-de degip geçdiler.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryna garamak üçin daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri dowam edilmegi babatynda ylalaşdylar.
Gurbangül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Teswirler