Şäherara awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi

Ýaňy-ýakynda biz okyjylara şäherara awtobus gatnawlarynyň, ýagny Aşgabat-Mary-Aşgabat, Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat we Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugurlary boýunça dikeldilýändigi barada habar beripdik. auh.com.tm saýtynda bolsa bu  gatnawlaryň grafikasyna we ugraýan wagtyna üýtgeşmeleriň girizilendigi barada habar berilýär. Bu barada Turkmenportal habarlar saýty habar berýär.

Ýolagçylardan arassaçylyk-gigiýena talaplaryna laýyklykda hereket etmeklik talap edilýär. Şeýle-de awtobus ugurlary boýunça hereket edýän ýolagçylarda COVID-19-yň ýokdugy barada ýaşaýan ýerinden berlen 72 sagatlyk tassyklaýjy kepilnamanyň bolmagy hökmanydyr. Belläp geçsek, bu kepilnama yza gaýdyşda talap edilmeýär.

Ýolagçylar awtobusa münmezinden öň temperaturasyny ölçedip, ellerini zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen zyýansyzlandyrmaly. Awtobus bellenilen nokada barýança ýolda saklanylmaýar.

Ýatlap geçsek, şäherara awtobuslar ýurdumyzda 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda ýokanç keseliň öňüni almak maksady bilen togtadylypdy. Diňe şu ýylyň 1-nji martynda Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat ýolagçy awtobusy gaýtadan dikeldilipdi.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok