Anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol bäsleşigiň esasy maksady bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr.
Bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.
Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — “Behişdi bedew” atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — “Garlawaç» at şaý-sep toplumy” atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa, türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — “Türkmen toýy” atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýewe, türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainowa, türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — “Türkmeniň uçar ganaty” atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýewe, türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — “Türkmen bedewi” atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanowa dagy ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň ähli ýeňijilerine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan “Tolkun” telewizory we şahadatnama gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize öz döredijilik işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Göwher Täçmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
weterinar lukmançylgy fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.
Teswirler