HGI-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Merjen şäher – Aşgabat” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew hem-de institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu döredijilik duşuşygynda edilen çykyşlar täsirliligi bilen aýratyn tapawutlandy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Baş arhiw müdirliginiň sergisi guraldy we Aşgabat şäheri barada dokumental film görkezildi. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlar döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. 

Atajykowa Aýlar,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok