Algoritmik bäsleşik geçirildi

Paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 26-njy fewralda “Hone your coding skills with algorithmic puzzles” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik uniwersitetimiziň Inženerleriň gurnagy tarapyndan guralyp, oňa uniwersitetimiziň 20-den gowrak talyby gatnaşdy.

Bäsleşik programmirlemekde algoritmik soraglaryna easaslanyp geçirildi. Bäsleşikde JavaScript, Python we C++ programmirlemek dillerini ulanamaga rugsat berildi. Bäsleşik 90 minut dowam etdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 5 sany talyp aýratyn netije görkezdi. Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy hünäriniň I ýyl talyby Polatow Atajan I orna,  kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi  hünäriniň I ýyl talyby Ýangibaýewa Şirin we kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi  hünäriniň II ýyl talyby Hydyrberdiýew Aýmuhammet II orna, Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi  hünäriniň I ýyl talyplary Baýramdurdyýewa Aýlar we Agabaýew Aýdogdy III orna mynasyp boldular.

Jahangir Aşirbaýew,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Inženerleriň gurnagynyň jogapkär mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok