AŞGABATDA ONLINE KONSERT GEÇIRILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. 25-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň agzalarynyň hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk arkaly online konsert geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan bu konsert medeniýet ugry boýynça halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Online konsertiň başynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we TÜRKSOÝ halkara guramasyna döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk sözleri beýan etdiler. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen online konsertda Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyndan, Başkortostan Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Moldowadan hem-de Türkmenistan döwletimizden sungat ussatlary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Türki halklarynyň milli sazlaryny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň halk saz gurallary orkestrleriniň ýerine ýetirmekleri, şeýle-de Türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň türkmen milli aýdymlaryny ýerine ýetirmekleri halkara derejesinde geçirilen çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen öňe sürülýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli medeniýetimiz, sungatymyz bütin dünýäde tanalýar. Medeni dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys!

.

GÜLZADA GULDURDYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok