“Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň Lebap welaýaty tapgyry geçirildi

Turkmenportal internet habar saýtynyň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ähli şäherdir etraplardan gatnaşan 20 gelin-gyzlar, 7 ugur boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, öz aralarynda bäsleşdiler.

Ýokarda agzalan ugurlar şulardan ybarat: «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» atly ugurlara bölündi.

Netijede:
«Ýylyň işewür zenany» atly baýragyň eýesi, Dänew etrabyndaky 23-nji «Dostluk» bakja-bagynda 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri usulçy-terbiýeçisi bolup işleýän Gülaýym Myhmanowa;

«Ýylyň çeper elli zenany» atly baýragyň eýesi, Saýat etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Şirin Gylyjowa;

«Ýylyň sungatda işjeň zenany» atly baýragyň eýesi, Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Merjen Kurbanowa;

«Ýylyň mährem zenany» atly baýragyň eýesi, Saýat etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Aýjan Karýagdyýewa;

«Ýylyň watançy zenany» atly baýragyň eýesi, Kerki etrabynyň N-nji harby bölüminiň uly leýtenanty, gorag rotasynyň serkerdesiniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Sülgün Mamedowa ;

«Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» atly baýragyň eýesi, Saýat etrabyndaky 34-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýna Ýazmamedowa;

«Ýylyň telekeçi zenany» Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik guramasy kärhanasynyň Halaç şäheri boýunça müdiri Mahym Hudaýkulyýewa mynasyp boldular.

Aýjeren AMANMYRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok