BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerini, şol sanda döwürleýin neşirleriň kämil çykmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzda ummasyz gazetler, žurnallar çap edilýär, şol sanda radionyň we telewideniýäniň ýaýlyma goýberilişiniň hilem, möçberem gün-günden artýar.

Radio hakynda söhbet açylanda türkmen radiosy we onuň ösüş ýoly barada gysgaça durup geçeliň! Türkmen radiosy öz gözbaşyny esasan 1926-njy ýylda döredilen “Radiosöýüjileriň” jemgyýetinden alyp gaýdýar. 1927-nji ýylda bolsa, “Türkmenradio” jemgyýeti döredilýär. Şeýlelik bilen güýçli depginde ösüp başlaýan türkmen radiosy halk hojalygynda gazanylýan üstünliklerini, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryny, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş döwrüniň habarlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýär. Beýik ýeňşiň hoş habaryny hem ýazyjy Arap Gurbanowyň okamagynda radionyň üsti bilen türkmen halkyna ýetirilýär.

Garaşsyzlyk döwrümizde türkmen radiosy täze hil derejesine ýetdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe radiožurnalistikanyň gerimi has giňeýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda yzygiderli eşitdirilýän radiogepleşikler öz diňleýjilerini diňe bir habarlar bilen üpjün etmekden çäklenmän, eýsem, birnäçe gyzykly, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan medeni-dynç alyş sahypalary bilen hem ruhy taýdan lezzet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärleri bilen häli-şindi duşuşyp, işiň hilini, netijeliligi bilen ýakyndan gyzyklanyp durmagy, köpçülikleýin kommunikasiýa serişdelerini döwrebaplaşdyrmaga uly üns bermegi esasynda döwürleýin neşirleriň, sany artyp olarda berilýän makalalardyr, edebi-çeper eserleriň many-mazmuny hili barha ýokarlanýar. Ýurdumuzda gazet-žurnallar ýokary hilli kagyzlarda, ösen tehnologiýada neşir edilýär.

Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda okap bilim almagymyz üçin uly-uly mümkinçilikler döredilýär. Biz talyp ýaşlaryň öz hünärimiziň eýesi bolup ýetişmegimiz  üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagmyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Umyt ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

                                                          

                                                  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok