«Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Bu barada TDH habar berýär.

Birnäçe makalalar Bitarap Türkmenistanyň köptaraply öňüni alyş diplomatiýasynyň täzeçilligini beýan edýär. Şeýle hem şolarda ýurdumyzyň toplan tejribesi we häzirki zaman daşary syýasy strategiýasy barada gürrüň berilýär. Bu bolsa üçünji müňýyllygyň halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk derejesiniň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Makalalaryň birinde hemişelik oňyn Bitaraplygyň türkmen usulynyň özboluşlylygyna syn berilýär. Okyjylar taryha gysgaça syýahat etmäge hem-de beýik Seljuklar döwletinde diplomatiýanyň orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan mowzuklaryň hatarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek ýaly ugurlar boýunça gürrüň berýän makalalar bar. Halkara häzirki zaman maglumat we aň-bilim gurşawynyň döredilmeginde sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasynyň wajypdygy bellenilip, elektron serişdelerde okatmak, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini baýlaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de usullaryny kämilleşdirmek ugurlaryny ösdürmekde onuň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy nygtalýar.

“Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanýar. Žurnalyň jemleýji sahypasynda ýerleşdirilen bezegli şekiller we suratlar şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň şu günki keşbine, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we ýeten derejesine hem-de medeniýetde, sportda we syýahatçylykda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Nepes Nepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok