Türk alymlary täze parazit görnüşini tapdylar.

Samsun şäherinde gözleglerini dowam etdirýän alymlar karp maşgalasyna degişli balyk görnüşinde ýaşaýan dört sany täze parazit görnüşini tapdylar. Açyşlary barada ylmy işleri taýýarlan alymlar, açyşlaryny ylym žurnalynda çap edilen makala bilen dünýä mälim etdiler.

Gözleglerini 3 ýyl ozal başlan alymlar, Samsun we onuň töweregindäki derýalarda we köllerde geçirilen gözlegleriň netijesinde täze görnüşli parazitleri tapdylar. Olara Myxobolus Samsunensis, Myxobolus Karaeri, Myxobolus Cakmaki we Myxobolus Ekingeni diýip atlandyrdylar.

Alymlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan parazitleriň karp maşgalasyna degişli balyk görnüşinde ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Prof. Dr. Nazmi Parker bu açyşyň ylym dünýäsi üçin örän möhümdigini diýip belleýär.

Aşyrberdi NURJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok