Gyşky ýyladyş işleri üns merkezinde

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda Aşgabat şäher we welaýat häkimlerine gyş günlerinde ýaşaýyş jaýlaryň, çagalar baglarynyň we mekdepleriniň ýyladyş ulgamynyň talabalaýyk hereket etmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hem-de ilatyň elektrik togy, tebigy gazy we agyz suwy bilen üpjinçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtady.


Çeşme: TDH

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok