Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesiniň ýürek buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz: “Watan söýüji, giňdüşünjeli, ynsanperwer, zähmet söýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp­başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir” diýip, ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap ylym­ bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň üçin­de
okamak, işlemek, döretmek üçin ählimümkinçilikler döredilýän ýurduň ýaşlarynyň ädimleri ynamly, maksatlary uly, döredijilik gözlegleri şowludyr. Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýaşlaryň arasynda her ýylda gowşurylýan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Diýarymyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz­ nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem­de işjeňligini görkezen ýaşlary we ýaşlaryň döredijilik toparlaryny “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly at bilen sylaglaýar.
Biz ýaşlar hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, Türkmenistanda Bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamyny ösdürmekde, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmakda ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekers. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ertirki gününi ýaş nesliň ösüşli menzillere ýetirmegine berk bil baglap, biziň üçin giň şertleri döretmegi milli Liderimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň barha dabaralanýanlygynyň nyşanydyr.

Biz ýaşlara bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Abraýew Kuwwat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok