Sport sagdynlygyň sakasy

            Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň saýasynda  ýurdumyzyň sport we saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga iri maýa goýumlary goýberildi. Her bir raýatyň sagdyn-durmuş ýörelgesini amala aşyrmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy babatda öz islegini kanagatlandyryp bilmegi üçin zerur şertleri döretmeklik, ilatyň beden we ahlak taýdan saglygyny berkitmeklik  hem-de gorap saklamaklyk ulgamynda Türkmen döwletiniň  durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: “Sport – bu güýç kuwwatyň, gözelligiň we saglygyň çeşmesi, sporta söýgi bolsa ýaşaýşa söýgüdir. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen biz hemme sepgitlere ýeteris, ähli işlerimizi üstünliklere besläris.” – diýip örän jaýdar belleýär.

         Sport hereketiniň ýyl geçdigiçe barha geljegi uly halkara we sebit merkezine öwrülýän Aşgabat şäherinde dünýä derejeli sport desgalary  – Milli Olimpiýa sport Köşgi, sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, Olimpiýa suw-sport toplumy, awtodromy, futbol meýdançasyny, ýeňil atletikanyň ylgaw ýodalaryny, uzynlygyna, beýikligine bökmek üçin bölümleri, tennis meýdançasyny, gimnastika ýaryşlary üçin meýdançalary we sportuň beýleki görnüşleri üçin niýetlenilen binalary özünde jemleýän köpugurly “Aşgabat” we “Olimpiýa” stadionlary hem-de Olimpiýa şäherjigi hereket edýär.  Ata Watanymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda amala aşyrylýan bu hili giň gerimli özgertmeler biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň saýasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk berjaý edilýändiginiň aýdyň güwänamasydyr.

Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok