Hytaýyň Týanjin Binhaý kitaphanasy

   

Dünýädäki iň owadan we özboluşly haýran galdyryjylygy bilen tapawutlanýan, kitaphanalaryň biri hem Hytaýyň Binhai welaýatynyň Týanjin şäherinde açylan kitaphanadyr. Ol 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda açylýar. Kitaphana ,,Binhaýyň gözi’’ ýa-da ,,bilim deňzi’’ diýip atlandyrylýar we onda 1,2 milliondan gowrak kitap saklanýar.  Bu aslynda ,,Oýsterdäki merjen’’ bolup auditoriýany öz içine alýan uly ýagtylyk meýdana eýedir. Esaslandyryjy Winy Maasyň aytmagyna görä: binagärler ol binanyň daşky bölegine degip bilmeýändikleri sebäpli, zalda ähli ýeri ýagtylandyrjak ak topuň ýerleşdirilmegini makul bildiler. Kitaphananyň meýdany giň göwrümli bolup, uzynlygy 33,700 metre ýetýär. Bu bina görenleri haýrana galdyryp, täsin dizaýn şekili bilen dünýädäki ajaýyp binalaryň arasynda ýer alýar. Kitaphanany gurmak üçin 3 ýyl gerek boldy. Bu bina Gollandiýanyň “MVRDV” binägärlik firmasy tarapyndan hödürlenildi. Kitaphana açylandan 1 aý soň , surat zalyndaky owadan tekjelerde kitap yokdygyny görkezýän suratlar peýda boldy we birnäçe suratlar çekildi. Munuň sebäbi Xufeng Liunyň pikiriçe, şäher häkimligi kitaplaryň merkezi zalda görkezilmegine rugsat bermändir, olary ýörite otaglarda ýerleşdiripdirler. Kitaphana gelýänleriň biri: ,,Suratlar bilen hakykatyň arasynda gaty uly tapawut bardygyny aýdýar’’.

Kitaphananyň 1-nji gatynda okalýan ýer we orta bölümlerde dynç alyş ýerleri bar. Ýokarsyndaky gatda iş otaglary, konferensiýa zallary, terjime edilip ses ýazdyrylýan otaglar bar. Bu kitaphananyň üsti gümmez şekilli bolup, onuň ýokarky bölegine ýörite basgançaklar esasynda çykylýar. Onuň özüne çekiji aýratynlygy merkezindäki ýerleşdirilen sferik ak top bolup, ol ähli ýeri ýagtylyk bilen üpjün etýär. Köp sanly tekjeler hatar-hatar  ýerleşip, ýokarlygyna uzalyp gitýär. Kitaphananyň kitap gaznasy 600 müň tomdan gowrak. Kitaphana Tianjin Binhai medeni merkezinde ýerleşýär, şonyň üçin ol bäş pawilionyň we bir galareýa medeni merkeziniň bir bölegidir. Bu kitaphana häzirki zaman binagärliginiň haýran galdyryjy eseri bolup, sungata ylham bermegi maksat edinýär.

Enegül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok