Alymlar yzygiderli dogry netijeleri çykaryp bolmaýan deňlemäni çözmäge ukyply emeli aň tehnologiýasyny oýlap tapdylar.

Berlin Freie uniwersitetiniň alymlar topary takyk netijeleri almak üçin kwantum himiýasynda degişli käbir deňlemeleri ulanyp emeli aň tehnologiýasyny döretdiler.

Kwantum himiýasynyň iň uly maksady, laboratoriýalarda uzak möhletli gözlegleriň zerurlygy bolmazdan, kosmosda belli bir tertipde molekulalaryň himiki we fiziki aýratynlyklaryny has çalt kesgitlemek hasaplanýar. Gerekli deňlemeler kwantum himiýasynda işjeň ulanylsa-da, elmydama takyk we anyk netije bermedi. Berlin Freie uniwersitetiniň alymlar topary görlüp-eşidilmedik takyklyk we hasaplama utgaşmasyna ýetýän emeli aňy döretmegi başardylar. Bu emeli aň tehnologiýasy kwantum himiýasynda gerekli deňlemeleri dogry ulanmak bilen takyk netijeleri çykarýar.

Uniwersitetiň alymlary elektronlaryň ýadronyň töwereginde ýerleşişini we biri-biri bilen nähili täsirleşýändigini, şeýle hem tolkun funksiýalaryny ýeke-ýekeden seljerýän nerw ulgamyndan ybarat emeli aň tehnologiýasynynyň birnäçe ýerlerde ulanylyp biljekdigini nygtaýarlar. döretdiler.

Döwlet SÄHEDOW,
Türkmenistanyň döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok