AŞGABATLYLARYŇ DURMUŞYNDAN: DÖREDIJILIK ŞYGYRÝETI

Hormatly InAshgabat saýtymyzyň okaýjylar, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýylygy we Halkara maýyplar güni mynasybetli TKKJ-niň görüş taýdan maýyp agzalarynyň arasynda geçirilýän edebiýat we döredijilik işleri boýunça bäsleşigi geçdi.  

Şu gün Bäsleşikde höweslendiriji oruna mynasyp bolan Görüş taýdan II topar maýyp Bägül Soltanowanyň goşgylary Siziň dykkatyňyza hödürlemegi dowam edýäris:

.

BITARAP WATANYM!

Berkararlyk, Bagtyýarlyk aýdymy,

Bitarap watanym Türkmenistanym!

Dana Pyragynyň ruhy sütüni,

Garaşsyz watanym Türkmenistanym!

Gursagyňda ägirt pirleň ýatany,

Beýik ärleň arzuw edip ýeteni,

Tirsegne galandyr Oguz ymmaty,

Bitarap watanym Türkmenistanym!

Arkadaga Howandarym diýeni,

Türkmen üçin bagt daňy atany,

Älem içre sarpaň göge ýeteni,

Bitarap watanym Türkmenistanym!

Arkadagyň guran beýik döwleti,

Diýarym ýatladýar erem-jenneti,

Geljegi röwşendir, ertiri ýagty,

Bitarap watanym Türkmenistanym!

Medeniýet-sungatym arşa galany,

Taryplasam ele alyp galamy,

Waspyňa döretsem dessan gazaly

Bitarap watanym Türkmenistanym!

Jigerimde-janym, damarda ganym,

Parahatlyk bilen her atýan daňym,

Joş alýan ylhamym, paýhasym aňym,

Bitarap watanym Türkmenistanym!

.

Bägül Soltanowa,

Görüş taýdan II topar maýyp
Baýramaly şäheri.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok