Ilkinji lukmançylyk kömegi barada wideoşekilli duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek hakynda onlaýn görnüşinde wideoşekilli okuw sapaklary geçirildi.

Bu sapaga ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň on ýedisinden talyplardyr mugallymlar gatnaşdy, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde zähmet çekýän hünärmenler çykyş etdiler.

Sapagyň dowamynda ýanykda, epilepsden ejir çekýänlere, ýol-ulag hadysalarynda we beýleki ýüze çykyp ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek hakynda talyplara düşünje berildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan haýyr-sahawat işleri hem-de jemgyýete ýaşlardan meýletin höwesjeňleri çekmeklik babatda wagyz-nesihat çäreleri geçirildi.


Rahym Şameýew
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Şeýle-de okaň:
Aşgabatda talyplaryň arasynda sanitar toparlaryň bäsleşigi geçirildi
В Ашхабаде прошло соревнование между студенческими санитарными командами.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok