Aşgabatda küştüň “Blits” görnüşinden ÿaryş geçirildi

Şu gün täze ÿyl baÿramçylygy mynasybetli ÿaş ÿetginjekleriň 16-nyň gatnaşmagynda küştüň “Blits” görnüşinden ÿaryş geçirildi. Türkmenistanyň Milli oÿunlary sport merkezi hem-de Türkmenistanyñ Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Akmaÿa “Süÿt” ÿapyk görnüşli paÿdarlar jemgyÿetiniň hemaÿatkärliginde ÿaryş üç gün dowam etdi. Netijede, 1-nji orny 13 utuk gazanyp Rahymow Abdyrahman eÿeledi. 2-nji orna, 12 utuk toplan Annagurdow Nurgeldi mynasyp boldy. 3-nji orny bolsa, Gijenow Guwanç 11 utuk toplap eÿelemegi başardy.

Bu ÿaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi FIDE-niň ussady Şöhrat Myratgulyÿew we FIDE-niň ussady Maÿsa Öwezowa eminlik etdiler. Ÿeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

.

Maýsa Öwezowa

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok