Aşgabatda küşt ÿaryşlary geçirildi

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ÿyllyk toÿy mynasybetli küşt ÿaryşlary geçirildi. Türkmenistanyň Milli oÿunlary sport merkezi tarapyndan “Bagtyÿarlyk” sport toplumynda sport derejeli ÿaş türgenleriň arasynda ÿaryş geçirildi. Netijede, Annaÿew Kerim 1-nji orny, Ibadullaÿew Kerim 2-nji, Orazow Ÿunus 3-nji orny eÿelemegi başardylar. 

Türkmenistanyñ Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Akmaÿa “Süÿt” ÿapyk görnüşli paÿdarlar jemgyÿetiniň hemaÿatkärliginde ÿetginjekleriň arasynda bäsleşik geçirildi. Ÿaryşlaryň ikisine hem Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi FIDE-niň ussady Şöhrat Myratgulyÿew eminlik etdi. Ÿeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ÿaryşlar ÿene dowam edÿär.

.

Maýsa Owezowa

.
Maýsa Owezowa

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok