Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi, Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlap täze “Galkynyş” atly kinofilmi surata düşürdi.
Bu film, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyna esaslanýar.
Täze filmde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işi we durmuşy barada gürrüň berilýär.
Filmiň režissýory – Wepa Işankuliýew.
Baş rollarda: Jennet Seýdiýewa; Arslan Annamyradow.
Filme şu gije Türkmen teleýaýlymlarynyň ählisinde tomaşa edip bilersiňiz.
Atajan Eýýupow, žurnalist.
Teswirler