Tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy

Baky Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Tennis federasiýasynyň bilelikde guramagynda 23-27-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirilen Türkmenistanyň açyk çempionaty tamamlandy.

Tennis ýaryşy ýekeleýin hem-de jübütleýin görnüşde geçirildi. Erkekleriň arasynda ýekeleýin görnüşde Aşgabat şäherindäki «Olimp» tennis klubynyň tälimçisi Ýuriý Rogusskiý birinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy Atlymyrat Gurbanow ikinji we şol ýokary okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Meýlis Orazmuhammedow üçünji orna mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda ýekelikde geçen ýaryşlardaky baýrakly birinji we ikinji orunlary, degişlilikde, paýtagtymyzdaky 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Bahar Toýmyradowa we 53-nji orta mekdebiň okuwçysy Anastasiýa Azimbaýewa, üçünji orny bolsa, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Arzuw Klyçewa eýelediler.

Jübütleýin geçirilen ýaryşlarda oglanlaryň arasynda Ýuriý Rogusskiý bilen Aşgabat şäheriniň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew birinji, Tennis federasiýasynyň baş kätibi Eziz Döwletow bilen Atlymyrat Gurbanow ikinji, Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň okuwçysy Allanur Daýanjow bilen şol şäheriň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Serdar Wepamyradow bolsa üçünji orna mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda geçirilen jübütleýin ýaryşyň netijesine görä, Anastasiýa Azimbaýewa bilen Bahar Toýmyradowa birinji, paýtagtymyzdaky 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Aişa Bikbulatowa bilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Rožan Karajaýewa ikinji, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Maral Ahmedowa bilen şol institutyň 4-nji ýyl talyby Arzuw Klyçewa üçünji orunda çempionaty tamamladylar.

Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Tennis federasiýasynyň Hormat hatlarydyr medallar, birinji orny eýelän türgenlere kuboklar, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

1992-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara tennis federasiýasynyň agzasy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok