Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen,ýurdumyzyň ähli ugurlarynda belent ösüşler gazanylýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenjek ýylynda ýurdumyzyň her bir güni ösüşlere, özgertmelere beslenýär, türkmen halky parahatçylykda, asudalykda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 25 ýyl mundan ozal 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakynda Rezolýusiýasyna laýyklykda, ýurdumyz Milletler Bileleşigi tarapyndan ilkinji gezek Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýäde giňden tanaldy. Bu waka Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatyna berlen ýokary baha boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynda ’’ Türkmenistan Hemişelik Bitaraplygy “ Kararnama ikinji gezek kabul edildi. 47 döwlet bu resminama awtordaş bolup çykyş etdi. Hemişelik Bitaraplygymyz hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa grçirilýän parahatsöýüji syýasatynyň oňyn netijesidir. Baky Bitarap döwletimiz diňe bir Merkezi Aziýa yklymynda däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşýar. Abadan ýaşaýyş, asuda asman-her bir ynsanyň, her bir halkyň hemişelik arzuwy. Türkmenistan döwletimiziň baky Bitaraplygy bolsa parahatsöýüji halkymyzyň şol arzuwynyň wysala gowuşmagydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň dilinde bize şeýle asuda we bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri ýaňlanýar.
Kerimow Gaýgysyz
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby
Teswirler