Sport – saglygyň gözbaşydyr

Ynsan ömründäki ähli lezzeti, şatlygy, süýjüligi diňe öz saglygy bilen duýýar. Şonuň üçin, eger-de biz gowy we gurply durmuşda ýaşasymyz gelýän bolsa, ilkinji nobatda saglygyň gadryny bilmeli bolýarys. Munuň iň ygtybarly ýoly bolsa sport we zähmet bilen meşgullanmak. Arassa howada, tebigatda gezim etmekdir. Adam näçe köp hereketde boldugyça onuň gan aýlanyşygynyň gowulaşýandygy, süňňüniň barha taplanýandygy ylmy taýdan subut edilen hakykat. Beden sagdynlygy, akyl sagdynlygy, ruhy sagdynlyk ynsanyň esasy baýlygy, baş hazynasydyr. Şular gurat bolsa, beýleki baýlyklary gazanmagyň müşgil däldigi hemmä mälim.

Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak – Gahryman Arkadagymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimizde “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn bellemeli zatlar. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we diteltmek üçin ähli şertler bar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi. Il bähbitli şeýle işleriň hatarynda bedenterbiýe sapaklarynyň girizilmegi, Berkarar döwletimiziň ähli gatlaklaryny öz içine alan Milli spartakiada ýaryşlarynyň her ýyl geçirilmeginiň däbe öwrülmegini görkezmek bolar. Munuň özi ýaşlarymyzyň arasynda sport görnüşleri boýunça ýiti zehinleriň ýüze çykmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyz: “Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak adama diňe şähdi açyklyk işjeňligi, ruhubelentligi bagyş etmän, eýsem ol saglygyň we uzak ömür sürmegiň gös-göni girewidir” diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş syýasatynyň möhüm bölegine öwrüldi. Raýatlaryň saglygy, sagdynlygy üçin ýola goýlan şeýle tagallalar, hasyl edilen işler, döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň sagdynlygy we bagtyýarlygy üçin ýaýbaňlandyrylýan beýik taglymatynyň miweleridir.  

.

Yklym Rejepmyradow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok