«Diller dünýäsinde» metodika seminary geçirildi

2019-njy ýyylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamgyndaky «Diller dünýäsi» okuw merkezinde daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary barada tejribe alyş-çalyş maslahaty geçirildi.

Seminara Aşgabat şäheriniň orta, ýörite hünär we ýokary mekdepleriniň mugallymlary, pedagoglar we ene-atalar gatnaşdy.

Lingwistika alymy Dr. Meretguly Gurbanow «Ýetginjeklere gepleşmegi öwretmegiň usullary» temasy bilen çykyş etdi.

Öz çykyşynda M. Gurbanow dil öwrenmegiň öňünde durýan böwetleri ýeňmek üçin ulanyp boljak dil oýunlary barada maglumat berdi.

Uzak ýyllardan bäri dürli ýaşdaky öwrenijilere iňlis dilini, daşary ýurtlylara bolsa türkmen dilini öwretmek boýunça tejribeli halypa mugallym Zöhre Öwezliýewa dürli ýyllardaky dil öwrenijileriň maksatlaryna ünsüni çekdi. Diňleýji-merkezli okadyş usuly has rowaçlanýan döwründe, mugallymlary hem täzeçe, innowasion usullar bilen okatmaga çagyrdy.

Aşgabat şäheriniň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň geografiýa mugallymy Sylap Ataýew mugallymyň oluwçylaryň öňünde özüni alyp barmagynyň jemgyýetdäki täsirleri barada gürrüň berdi.

«Diller dünýäsi» okuw merkeziniň mugallymy Çarymyrat Garryýew bolsa, käbir çagalar üçin öz isleg bildirýän sapagyny iňlis dilinde öwredilen halatynda hem şol dersi, hem-de iňlis dilini öwrenjekdigi baradaky ylmy esaslary kärdeşleri bilen paýlaşdy.

«Diller dünýäsi» okuw merkezi 2017-nji ýyldan bäri daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy boýunça möhletli okuwlary gödürleýär.

Häzirki wagtda türkmen, iňlis, fransuz, arap, nemes, italýan, hytaý, rus, ýapon, pars we türk dillerini dürli çuňlukda okadylýar.

Lukmançylyk, awiasiýa, biznes, metodika hünärler boýunça iňlis dili we iňlis dilinde matematika, fizika dersleri hödürlenýär.

Mekdep ýaşyna şenli çagalar üçin iňlis we rus dili toparlary bar.

Merkeziň ýerleşýän salgysy: ş. Aşgabat, Parahat 3/2 ýaşaýyş toplumy, Ýunus Emre köçesi (57-nji orta mekdep bilen bitewi bina).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312450796, +99362533883

Teswirler

Ösüşiň täze trendleriniň bilim ulgamyndaky orny — IN ASHGABAT

[…] Bilim ministrliginiň garamagyndaky “Diller dünýäsi” her geçen gün öz berýän bilim hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär. Daşary ýurt dillerini, […]