Lionel Messi Argentina bilen haçan kubok gazanar?!

Belki-de sözbaşyny Messi näme üçin Argentina bilen kubok gazanyp bilenok diýip goýmalydy. Häzirki wagtda dünýä futboly 2 topara bölünýär. Ýagny bir tarapda Lionel Messiniň, beýleki bir tarapda-da Kristiano Ronaldonyň muşdaklary. Mundan 1 ýyl ozal Messiniň ýanyna “Barselonany”, Ronaldonyň ýanyna-da “Real Madridi” goşup, ýazmaly bolýardyk. Ýöne Ronaldonyň “Ýuwentusa” geçmeginden soň, “Barselona” we “Real” (iki toparyň arasyndaky bäsdeşlik däl, janköýerleriň arasyndaky bäsdeşlik) diýilýän bäsdeşlik az-owlak gowşady.

Soňky wagtlarda bolsa, ozaldanam bar bolan mesele täzeden alowlandy. Ýagny Messiniň milli topardaky şowsuzlygy. Näme üçin Messi “Barselonada” görkezýän başarnygyny milli toparda görkezip bilenok.  Messiniň “Barselonada” gazanmadyk kubogy ýok. Ýöne näme üçindir şol başarnygy Argentinanyň ýygyndysynda gaýtalamak super ýyldyza başardanok. Munuň tersinde, klub karýerasy kubokdan doly Ronaldonyň milli toparda-da ýeňişlere – 2016-njy ýyldaky Ýewropa çempionlygy, şu ýylda-da Milletler ligasynyň kubogy – ýetmegi Messiniň janköýerlerini belli bir derejede gynandyrdy, hatda alada goýup başlady.  

Argentinanyň ýygyndysy taryhynda 2 gezek Dünýä Kubogyny, 14 saparam Kopa Amerikany gazandy. 1978-nji hem-de 1986-njy ýyllarda dünýä çempiony bolan tangoçylaryň ikinji ýeňşine Diego Armanda Maradonanyň gönümel goşandy iňňän uly bolupdy. Hatda kubogy ýeke özi bir topara degýän Maradona alyp berdi diýsek hem öte geçdigimiz bolmaz. Maradona bilen deňeşdirilýän Messiden hem köpler şeýle netijä garaşýar(dy). Maradonanyň edenini Messi hem gaýtalap biler diýen umyt bar(dy). Maradonanyň edenini Messi edip bilmezdimi? Diňe bir argentin halky däl, eýsem, Messiniň muşdaklary, hatda tutuş futbol janköýerleriniň-de tamasy şeýledi. Ýöne Messi häzirlikçe bu tamany ödärden daşrakda, hatda kem-kemdenem daşlaşýar.

Barselonaly Messi başgaça, argentinaly Messi başgaça oýnaýar. Futbol bilermenleriniň pikirine görä, hatda futbola tomaşa edýänleriň aglabasynyň pikirine görä, “Barselonadaky” ýaly oýunçylaryň Argentinanyň ýygyndysyndan ýoklugy esasy sebäp hökmünde görülýär. Hatda käbirleri meselä başgaçarak çemeleşip, ýaşlykdan Ispaniýa gelip, bu ýerde ýaşap ýören Messiniň Ispaniýanyň ýygyndysyny saýlamaly ekeni diýýänler hem ýok däl. Şolaryň pikirine görä, eger-de Messi Ispaniýany saýlan bolsa, onda Ispaniýanyň milli toparynyň muzeýinde häzirkiden has köpräk kubok bolardy.

“Barselonadaky” Hawi, Iniesta, Buskets, Hordi Alba, Puýol, Pike ýaly biri-birlerine juda öwrenişen futbolçylar Argentinanyň ýygyndysy ýok. “Barselonada” Messi ýoldaşlarynyň topy haýsy tarapa geçirjekdigini öňünden duýýar. Argentinada bolsa, ol köplenç yza gaýdyp topy ýarym meýdançadan özi almaly bolýar. Bu bolsa super ýyldyzyň bar oýnuny hüjüme däl-de goraga-da gönükdirmegine sebäp bolup, şu ýagdaý hem milli toparyň güýjüni peseldýär.

Ýene bir sebäpleriň biri-de Argentinada soňky ýyllarda ibaly tälimçileriň ýoklugy. Häzirki wagtda 2-3 sany tälimçi bar bolaýmasa, olaram klublara tälim berýär. Häzirki wagtda Argentinanyň iň ökde tälimçileri Diego Simeone bilen Maurisio Poçettino bolup, ikisi-de klublarda, degişlilikde, “Atletiko Madrid” hem-de “Tottenhem” toparlaryna tälim berýär. Messiniň oýnap başlanyndan bäri Argentinanyň ýygyndysynda 9 tälimçi çalşyldy. Bu ýagdaý hem toparyň durnukly oýun taktikasy bilen oýnamaýandygyny aňladýar.

Meniň pikirimçe, ýene bir sebäbi Argentinanyň ýygyndysynyň goragçylarynyň hem-de derwezeçileriniň pes bolmagy. Hatda, umuman alnana Argentinanyň ýygyndysynda ýyldyz oýunçyny azlygy mese-mälim duýulýar. Munuň şeýledigine Kopa Amerikada ýarym final duşuşygynda-da göz ýetirdik. Häzirki wagtda islendik futbol muşdagyna argentinaly ýyldyz goragçylaryň adyny sanap ber diýlende, 2-3 sany, onda-da o diýen ýyldyz bolmadyk goragçynyň adyny sanap bererler. Derwezeçilere seredenimizde, Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda argentinaly derwezeçi ýok. Bar bolaýsa-da, 2-nji hatda 3-nji derwezeçi hökmünde çykyş edýär.

Argentinanyň ýygyndysynda esasy,  belli-belli hüjümçiler bolup, olaryň hemmesini-de bir wagtda oýnatmak mümkin däl. Hüjümçileriň käbirlerini-de tälimçiler “dürli sebäplerden” ýygynda çagyrmaýar, çagyrylanlar hem ätiýaçda oturyp gaýdýar. Umuman Argentinanyň ýygyndysynda hüjümçilerden başga pozisiýada oýnaýanlar o diýen ýyldyz oýunçy däl. Argentinanyň düzüminde ýyldyz hüjümçiniň ýa-da meýdançanyň hüjüm tarapynda oýnaýan ýyldyz oýunçylaryň sany köp hem bolsa, olaryň oýny milli toparda oňyn netije berenok. Tälimçiler Dibala, Ikardi ýaly oýunçylar ýygyndy kän çagyrylyp hem duranok. Olar çagyrylsa-da ätiýaçda oturdylýar.

Şeýle-de soňky ýyllarda diňe bir argentin futboly däl, eýsem Günorta Amerika futbolynda meniňki bolsun diýer ýaly ösüş ýok. Bu yklymyň wekilleri – has takygy, Braziliýa soňky sapar Dünýä Kubogyny 2002-nji ýylda gazanypdy.  

Lionel Messiniň Argentinanyň köýnekçesi bilen, ýöne ýaşlar düzümi bilen 2 ýeňşiniň 2005-nji ýylda 20 ýaşa çenlileriň arasyndaky dünýä birinjiligi hem-de 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasynda gazanylan altyn medal. Ýöne bularyň ikisi-de esasy milli ýygyndynyň ýeňşi hasaplanmaýar. Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 9 halkara ýaryşda çykyş etdi. Netijede, gazanylan kubok ýok. Milli topardaky ilkinji duşuşygyny 2005-nji ýylyň 17-nji awgustynda geçiren Messini gynandyrýan iň esasy zat bolsa, finalda utulmakdyr. Dört finalda – Kopa Amerikada 3, Dünýä Kubogynda-da 1 gezek Messiniň baş aşak, ýüzüni sallap gaýdan pursatlary diňe bir ýyldyz oýunçyny däl, eýsem, futbol janköýerlerini-de gaty gynandyrypdy. Şu ýylky Kopa Amerika ýaryşyndan öň Messiniň topardaşy hem dosty Serhio Kun Aguero: “Biz bu bäsleşikde Messi üçin oýnamaly. Hemme zatdan beter onuň milli toparda-da kubok gazanmagyny isleýärin” diýipdi. Emma bu gezegem başa barmady.

68 gol bilen milli ýygyndynyň iň netijeli oýunçysy Messiniň çykyş eden Dünýä çempionatynda Argentinanyň iň ýokary netijesi finala çykmak boldy. 2014-nji ýylda Braziliýada finalda argentinlere ezeli bäsdeşi Braziliýadan kubok bilen dolanmak başartmady. Ondan öňem 2006-njy we 2010-njy ýyllarda Argentina çärýek finaldan yzyna gaýtdy. Russiýa 2018 Dünýä çempionatynda-da 2-nji tapgyrdan soň, argentinler üçin ýaryş tamamlanypdy. Kopa Amerikada bolsa 2007-nji ýylda finala çykyp, brazillerden asgyn gelen tangoçylar 2011-nji ýylda çärýek finalda utuldy. 2015-nji we 2016-nji ýyllarda Çiliden penaltileriň netijesinde utulan Argentina 2019-njy ýylda ýarym finalda Braziliýany geçip bilmedi.

Indi mundan soň, golaýda 32 ýaşyny dolduran Messiniň öňünde futbol oýnamagy üçin o diýen köp wagt ýok. Indiki Dünýä kubogynda Messi 35 ýaşynda bolar. Oňa çenli milli topardaky oýnuny dowam edip-etmejekdigi belli däl. Dowam eden ýagdaýynda-da… Mahlasy, dünýäniň ähli zamanalaryň iň ökde oýunçylarynyň hatarynda görkezilýän Lionel Messiniň milli ýygyndydaky karýerasy kuboksyz tamamlanyp biler. Belki geljek ýylda-da geçiriljek Kopa Amerika bäsleşigi janköýerleri üçin kiçeňräk hem bolsa umyt bolup dur…

Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok