ÝÜREGI JOŞGUNLY GUJURLY OGUL

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir asylly işi türkmen halkyna bolan belent söýgüni äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bagtyýarlyk döwri medeniýet we sungat   baradaky döwlet syýasatynyň has-da belent derejelere göterilen eýýamyna öwrüldi. Şeýle hem häzirki wagtda Watanymyzyň medeniýet we sungat ulgamy Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ösüşiň täze tapgyrlaryny başdan geçirýär. Bu günki günde türkmen medeniýetiniň we baý sungatynyň derejesini ylmy taýdan öwrenmek bolsa, biz ýaşlarda ýurdumyza, geçmiş taryhymyza, milli medeniýetimize, çeper sungatymyza bolan buýsanjy goşalandyryp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Türkmen sungatynyň ojagy bolan Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda ýerine ýetirilýän döredijilik işleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, zehinli talyplaryň okuw sapaklaryndan daşary, özleriniň zehin baýlyklaryny ýüze çykarmaklary üçin, aýratyn özboluşly eserleri döretmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilen.

“Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýlişi ýaly, çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň biri Sanjarbek Ismailowa  ýaňy ýakynda sungatda, medeniýetde, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünliklerini, ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezenligi üçin, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly at berildi. Özüniň döredijilikli zähmeti bilen ýokary üstünlikleri gazanýan Ismailow Sanjarbege ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmelerini, halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde öz goşandyny goşýar.

Mundan başga-da S.Ismailow  binagärlik sungatynyň inçe syrlaryny, kompýuter ulgamynda ýerine ýetirilýän işleri, umuman özüniň ukyp başarnygyny talyplaryň aňyna ýetirmek üçin yzygiderli zähmet çekýär. Sanjarbek Ismailow ýolbaşçylygynda çeperçilik akademiýasynda jemlenen zehinli talyplaryň ýörite toparynda, talyplary özbaşdak döredijilik ýoluna gönükdirip, ýyl saýyn döwrebap, many-mazmun boýunça agramly hem hünärmentlik taýdan ýokary hilli dizaýnerçilik eserleri döretmekde uly işler alyp barýar.

.

Öwezowa Ogulgözel,

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok