20-nji noýabr-Bütindünýä çagalar güni

Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa biziň iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr.

Her ýylyň 20-nji noýabry halkara derejesinde “Çagalaryň bütindünýä güni” diýlip yglan edilip, bu baýram ýyldan – ýyla  uly joşgun bilen garşy alynýar. Bu bolsa biziň jemgyýetimizde çagalaryň hukuklarynyň we azatlygynyň goraglylygynyň aýdyň görkezijisi bolup çykyş edýär.  Çaganyň hukugy – bu adam hukugy diýmekdir. Bu hukular milletine, gelip çykyşyna, jynsyna garamazdan ähli çagalara degişlidir. Şahsyýet höküminde sazlaşykly kemala gelmekleri üçin çagalaryň goldaw, söýgi, mähir bilen gurşalan jemgyýetde ýaşamagy zerur bolup durýar.

Çagalaryň parahat durmuşyny goramaklygy üpjün etmek we olara ýagty geljegi kepillendirmek maksady bilen 1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Çagalaryň bütindünýä güni”  ykrar edildi. 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan çagalaryň hukuklary hakynda Jarnama kabul edilip, onuň esasy wezipesi bütin dünýäde çagalaryň hukuklaryny goramakda we azatlyklaryny kepillendirmekdedir. Häzirki döwürde BMG tarapyndan çagalara ylyma-bilime, şeýle-de parahat durmuşa elýeterliligi üpjün etmek ugrunda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly  mümkinçilikler döredilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çaglar barada edýän atalyk aladalary  üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömüri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

.

Aýna BABAÝEWA

Halkara gatnaşyklary institutynyňHalkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok