Sowuk howada saglygy goramak barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Allaberenowa Aýsona, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap geňeşliginiň esasy hünarmeni Sapardurdyýewa Ogulgurban, şeýle hem institutyň zenanlar guramasynyň başlygy we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çäräniň başynda lukmanlar talyplara sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny doly berjaý etmeklerini, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, saglygy berkitmek üçin dürli witaminlere baý bolan iýmitleri iýmekligi, saglygyň özeni bolan immuniteti berkitmek üçin sport bilen yzygiderli meşgullanyp, bedeni berkitmelidigini nygtadylar. Howanyň sowamagy bilen jan-saglygyna has hem aýawly çemeleşmelidigini nygtadylar.

Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda institutyň talyplary lukmanlara saglygy gorap saklamak barada özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Lukmanlar sowallara giňişleýin jogap berip, talyplaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini doly we dogry düşünmegine we talabalaýyk berjaý etmeklerine uly itergi berdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok