Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we Bahreýniň doganlyk halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok