Ilkinji milli sosial ulgamy “Biz bärde” köpçülige açyldy

Ilkinji milli sosial ulgamy “Biz bärde” öz işine başlady. “Biz bärde” ulanyjylaryň özara gatnaşyklary üçin lenta, wakalar, blog, bb market ýaly funksiýalary hödürlenýär.

Ulanyjylar öz bloguny, saýlan harytlaryny, gruppalaryny we sahypalaryny hem dolandyryp bilýär.

“Biz bärde” ulgamyna goşulmak üçin:
Websaýt – www.bb.com.tm
Priloženiýe – www.bb-app.com.tm

“Biz bärde” sosial ulgamy “Türkmentelekom” elektrik kompaniýasy hem-de “Sungat eseri” hususy kärhanasynyň hyzmatdaşlygynda amala aşyryldy.

 “Sungat eseri” HK-nyň direktory Eziz Beknazarow wideo ýüzlenme arkaly çykyş etdi. Bu proýektiň yzgiderli ösdüriljekdigini nygtady.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok