AFK Kuweýtde geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň wagtyny tassyklady

Aziýanyň futbol Konfederasiýasynyň resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda futzal boýunça Aziýa çempionaty 2021-nji ýylyň 23-nji martyndan 3-nji apreli aralygynda geçiriler. Ýaryşyň täze seneleri, AFK-nyň ýaryşy guraýjy komitetiniň onlaýn görnüşinde geçiren mejlisinde kesgitlenildi.

Futzal boýunça Aziýa çempionaty Kuweýtde 2020-nji ýylyň 2-13-nji dekabry aralygynda geçirilmelidi, ýöne ähli gatnaşyjy toparlaryň we gyzyklanýan taraplaryň howpsuzlygy we abadançylygy nazarda tutulyp bäsleşigi 2021-nji ýyla yza süýşürmek kararyna gelinipdi.

Futzal boýunça Aziýa çempionatyna 16 topar gatnaşar. Bije çekişligiň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Wýetnamyň, Täjigistanyň we Omanyň milli ýygyndylary bilen bir toparçada çykyş eder.

Futzal boýunça Aziýa çempionatynyň iň netijeli 5 topary 2021-nji ýylyň 12-nji sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda Litwada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok