10-njy noýabr – Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni

Ýurduň   parahatçylygyny  we ösüşini  üpjün etmekde ylymyň ähmiýeti örän uludyr.  Kämil  ylyma eýe bolan jemgyýet hemişe asuda, parahat  ýaşaýar. Bu  jemgyýet elmydama  ösüşiň belent basgançaklaryna  tarap hemişe öňe gidýär. Ylymyň  bar ýerinde hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar höküm sürýär. Çünki, ylym –  halkara gatnaşyklarynyň  ösüş guraly. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet hem kämilleşýär.

Halkara giňişliginde 10-njy noýabr  “Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni” hökmünde yglan edilip, her ýyl bu baýramçylyk uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Bu bolsa adamzadyň  durmuşynda ylymyň zerurlygyny ardyrmakda  köpçüligiň ünsüni  özüne çekmek bilen onuň bütindünýäde tutýan ornunyň ýokarydygyny görkezýär. Bu halkara gününiň bellenilmeginiň esasy maksady  ylmy we tehnologiki ösüşleri jemgyýetiň peýdasyna gönükdirmek şeýle hem, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine ulanmak bilen bir hatarda parahatçylyk we ösüş ugrundaky milli we halkara borçnamalaryň ähmiýetini düşündirmekden ybarat bolup durýar.

1999-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde  geçirilen Bütindünýä ylymlar maslahatynda  ylym bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň zerurlygy beýan edilýär. Geçirilen maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda ÝUNESKO tarapyndan Bütindünýä ylymlar güni resmi ýagdaýda yglan edilýär.  2002-nji ýylda noýabr aýynyň 10-ynda  ilkinji gezek “Parahatçylyk we ösüş üçin Bütindünýä ylymlar güni”  ady bilen dünýäniň ençeme döwletlerinde bellenilip, häzirki wagtda hem bellenilmeginiň  ähmiýetini ýitirmän gelýär.  

.

Gözel  EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok