Hemişelik Bitaraplyk taglymy

Mertebesi belent Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan”, “Bitarap Türkmenistan”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly ajaýyp kitaplary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy, onuň many-mazmuny, milli aýratynlygy, onuň ähmiýeti hem bähbidi barada giňişleýin beýan edýän diýseň täsin kitaplardyr. Çünki, bu mukaddes kitaplaryň her bir jümlesinde hemişelik Bitaraplyk taglymyny teswirleýän  baý mazmun  dünýägaraýşy bar.  Aýratyn-da, Milli Liderimiziň “Mertler Watany Beýgeldýär” atly ajaýyp kitabynda örän jaýdar belleýşi  ýaly, biziň bäş müň ýyllyk taryhymyzyň düýp kökünden – nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň milli taglymyndan gözbaş alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi geçmişimizde orta asyrlara çenli dowam eden türkmen döwletleriniň berk binýadyna öwrülipdir. Hut şu nukdaýnazara esaslanyp,  biziň türkmen halkymyz özüniň milli urp-adatlaryna laýyklykda Bitaraplyk syýasatyny öz döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan badyna ýöredip başlasa-da, özüniň Bitarap ýurt bolmaklyk meýlini halkara jemgyýetçiligine 1992-nji ýylda äşgär edip başlady. Ýagny, biziň ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallasy 1992-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky Maslahatyň Helsinkidäki mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermekçidigi hakyndaky ilkinji beýannamasy bilen başlanypdy. Ondan soň, 1995-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ilki fewral aýynda EKO-nyň agzalary bolan 10 döwletiň baştutanlarynyň Yslamabatdaky duşuşygynda, iýul aýynda Goşulmazlyk Hereketiniň 114 ýurdunyň Kolumbiýa döwletiniň Kartahena şäherinde bolup geçen forumynda makullanyldy. Netijede, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji gününden bäri ýöredip gelýän milli Bitaraplyk syýasatyny milletler bileleşiginiň 185 döwleti tarapyndan halkara derejesinde ykrar edildi. Munuň özi bolsa türkmen halkynyň öz mukaddes Watanyny ata-babalary ýaly Bitaraplygyň hemişelik mekanyna öwrendigini alamatlandyrýar.

Abdyrahmanberdi HUDAÝBERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok